Turkmenportal logo
Düýn 22:23
90169016
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň işi kämilleşdiriler

Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde bellenildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, häzirki wagtda ýurtda standartlaşdyrmak we setifikatlaşdyrmak işlerini ýokary hilli alyp barmak hem-de synag barlaghanalaryny halkara akkreditasiýadan tapgyrlaýyn geçirmek boýunça çäreler yzygiderli geçirilýär. Bu babatda baglaşylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde daşary ýurtlaryň akkreditasiýa boýunça esasy edaralary bilen hyzmatdaşlyk barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýer H.Geldimyradowyň «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň düzümleriniň alyp barýan işleri baradaky hasabatyny diňläp, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň işlerini yzygiderli kämilleşdirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany halkara standartlary boýunça alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek maksady bilen, taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.