Turkmenportal logo
27.02.26
1409114091
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Özbegistan 28 müňden gowrak türkmen jahankeşdesini kabul etdi

2026-njy ýylyň ilkinji aýynda Türkmenistandan Özbegistana syýahatçylyk akymy 7 göterimden gowrak artdy. Bu barada Özbegistanyň Milli statistika komiteti habar berdi.

Şu ýylyň ýanwar aýynda Özbegistan 28,1 müň türkmenistanly syýahatçyny kabul etdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2 müň adam ýa-da 2 göterim köpdür.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe Özbegistana baran türkmenistanly jahankeşdeleriň 12 676-sy syýahatçylyk, 6 602-si iş sapary, 5 027-si garyndaşlaryny görmek, 4 448-si okuw we 2 510-sy täjirçilik maksady bilen goňşy ýurda barypdyr.