Turkmenportal logo
Şu gün 13:24
29752975
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Moskwada Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» atly X Halkara sungat festiwaly  açyldy

Moskwada A.N. Skrýabiniň ýadygärlik muzeýiniň aýdym-saz myhman jaýynda Moskwanyň Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» atly X halkara sungat festiwalynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanasy habar berdi.

«Älemiň sazlary we kalbyň owazy» ady bilen geçirilýän konsert maksatnamasy Nury Halmämmedowyň, Sergeý Rahmaninowyň, Moris Raweliň, W.A. Mosartyň, Mamed Guseýnowyň we beýleki kompozitorlaryň eserlerini birleşdirýär.

Festiwalyň geçirilýän ýeri aýratyn alamatlaýyndyr: bu muzeýde saz äleminiň iki beýik şahsyýeti — Aleksandr Skrýabin we Nury Halmämmedow ruhy taýdan duşuşdy. Aralarynda onlarça ýyl bolan tapawuda garamazdan, olaryň döredijilik gözleglerinde meňzeşlikler bar. Akademiki sazda türkmen ruhunyň parlak beýanyna öwrülen Halmämmedow Skrýabiniň innowasion döredijiligine aýratyn sarpa goýupdyr. Ol gündelik depderlerinde halk sazlary «meniň birinji mugallymym», Skrýabini bolsa «ikinji mugallymym» diýip atlandyrypdyr.

Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi Esen Aýdogdyýew, şeýle hem Moskwanyň ylmy we döredijilik jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşdy. Zalyň dol bolmagy rus diňleýjileriniň türkmen medeniýetine bolan üýtgewsiz gyzyklanmasyny ýene bir gezek tassyklady — diýip, diplomatik wekilhanada belleýärler.