Türkmenistan we Germaniýa ylym, barlaglar we innowasiýalar ulgamynda uzak möhletli hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny tassykladylar. 23-nji fewralda Galle şäherinde geçirilen Ýokary bilim we ylym boýunça Germaniýa — Merkezi Aziýa forumynyň çäklerindäki «tegelek stoluň» netijeleri boýunça Z5+1 formatynyň çäklerinde ylym, barlaglar we innowasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky Bilelikdäki beýannama gol çekildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, Türkmenistanyň adyndan resminama ýurduň Germaniýadaky ilçisi Berdimyrat Rejepow gol çekdi.
Gepleşiklere Germaniýanyň Ylmy barlaglar, tehnologiýalar we kosmonawtika federal ministrliginiň döwlet sekretary Markus Plaýer we Merkezi Aziýa döwletleriniň Germaniýadaky ilçileri gatnaşdylar. Taraplar bilelikdäki ylmy taslamalary durmuşa geçirmegiň, akademiki elýeterlilik, ýaş alymlary goldamagyň we innowasion çözgütleri ornaşdyrmagyň geljeklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Forumyň çäreleri Germaniýanyň «Leopoldina» milli ylymlar akademiýasynyň ştab-kwartirasynda alnyp barylýar.
Forum Germaniýanyň «Leopoldina» milli ylymlar akademiýasynyň meýdançasynda geçirilip, ol Germaniýanyň degişli edaralarynyň, ylmy guramalarynyň we uniwersitetleriniň wekillerini, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçilerini bir ýere jemledi. Açylyş dabarasynda çykyş eden ilçi Berdimyrat Rejepow Türkmenistanyň ýokary bilim we ylym ulgamyndaky gazananlaryna ünsi çekdi we Germaniýa — Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de berkitmegiň möhümdigini nygtady.
Forumyň esasy temalarynyň arasynda nemes ylmynyň sebitiň taryhy-medeni mirasyny öwrenmäge goşýan goşandy hem bar. Germaniýanyň Medeniýet geňeşiniň wise-prezidenti we Germaniýanyň Arheologiýa birleşiginiň ýolbaşçysynyň orunbasary Manfred Nawrot türkmen arheologik ýadygärlikleriniň — Nusaýyň, Goňurdepäniň we Merwiň özboluşlylygyny hem-de olaryň çäklerinde geçirilýän bilelikdäki barlaglaryň ähmiýetini aýratyn belledi.
Forumyň geçirilmegi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Germaniýanyň özara gatnaşyklarynyň strategik häsiýete eýedigini tassyklady hem-de Z5+1 formatynda ylmy-bilim dialogyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açdy.