Turkmenportal logo
Şu gün 11:38
41804180
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Budýo-Glimt» kluby «Interi» ýeňip, ony Çempionlar ligasyndan çykardy

Norwegiýanyň «Budýo-Glimt» kluby Çempionlar ligasynda hemmeleri haýran galdyrmagy dowam etdirýär. Pleý-off tapgyrynyň jogap duşuşygy Milan şäherindäki «San-Siro» stadionynda geçirildi. Norwegiýanyň topary Italiýanyň çempionatynyň lideri «Interi» 2:1 hasap bilen ýeňip, bu ýaryşyň indiki tapgyryna çykdy.

Ýeňijilerden gollary Ýens Petter Höýge 58-nji minutda, Hokon Ewýen bolsa 72-nji minutda geçirdi. «Interiň» ýeke-täk goluny Alessandro Bastoni 77-nji minutda geçirdi, emma topar hasaby deňleşdirip bilmedi.

Iki duşuşygyň jemi boýunça «Budýo-Glimt» ynamly ýeňiş gazandy — 18-nji fewralda geçirilen ilkinji oýun 3:1 hasap bilen norwegiýalylaryň peýdasyna tamamlandy. Şeýlelikde, klub yzygiderli dördünji gezek Ýewropanyň futbol ägirtlerini ýeňýär: mundan ozal «Budýo-Glimt» «Mançester Sitini» we «Atletikony» hem haýran galdyryjy ýagdaýda ýeňipdi, bu bolsa toparyň pleý-off tapgyryna çykmagyna mümkinçilik berdi.

Çempionlar ligasynyň 1/8 finalyna gatnaşjaklaryň bije çekişligi 27-nji fewralda geçiriler. Ýaryşyň finaly 2026-njy ýylyň 30-njy maýynda Budapeşt şäherindäki «Puškaş Arena» stadionynda geçiriler.