24-nji fewralda Abu-Dabide Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki ilçisi Baýram Baýramow Gaýtadan dikeldilýän energiýa baradaky halkara agentligiň (IRENA) baş direktory Françesko La Kamera ynanç hatyny gowşurdy. Şunuň bilen ol Türkmenistanyň guramadaky hemişelik wekili wezipesini resmi taýdan ýerine ýetirmäge girişdi. Bu çäre Türkmenistanyň Prezidentiniň 2026-njy ýylyň 10-njy fewralynda çykaran kararyna laýyklykda amala aşyryldy — diýip, Türkmenistanyň BAE-däki diplomatik wekilhanasy habar berýär.
Dabaradan soň taraplar duşuşyk geçirip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Esasy üns «ýaşyl» wodorod öndürmek boýunça bilelikdäki taslamalara hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa tehnologiýalarynyň Türkmenistanyň milli energiýa pudagyna ornaşdyrylmagyna berildi.
Duşuşygyň netijesinde taraplar strategik dialogy dowam etdirmek niýetlerini tassyklamak bilen, Türkmenistanyň sebitdäki energiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde we halkara ekologiýa diplomatiýasyny ösdürmekde eýeleýän möhüm ornuny bellediler.