Gruziýada resmi saparda bolýan Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa şu gün Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisi habar berýär.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzä Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň dostlukly salamlaryny, hoşniýetli sözlerini we Gruziýanyň halkyna iberen iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
D.Gulmanowa duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda köp ýyllardan bäri dowam edip gelýän syýasy, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda dostlukly gatnaşyklaryň işjeň ösdürilip, ikitaraplaýyn görnüşde we abraýly halkara guramalaryň çäklerinde birek-biregiň başlangyçlaryny goldamak bilen has-da berkidilýändigini aýtdy.
Taraplar türkmen-gruzin parlamentarileriniň ikitaraplaýyn saparlarynyň we duşuşyklarynyň, şol sanda Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygynyň Türkmenistana amala aşyran saparynyň hem-de türkmen wekiliýetiniň şu gezekki saparynyň möhüm ähmiýetini bellemek bilen, geljekde ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryň has-da durnukly häsiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdiler.
Şeýle hem özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan hökümetara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda parlament diplomatiýasyna möhüm ornuň degişlidigini nygtadylar we bu ugurda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegini goldamaga taýýardyklaryny beýan etdiler.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Gruziýa resmi saparynyň dowamynda Tbilisi şäherindäki Gahrymanlar meýdanynda Gruziýanyň gahrymanlarynyň hormatyna gül dessesini goýmak dabarasyna hem gatnaşdylar.