Turkmenportal logo
Düýn 16:51
1692416924
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Meýwezer we Pakýao Las-Wegasda gaýtadan söweşini geçirerler

Dünýä boksynyň meşhur şahslary Floýd Meýwezer bilen Manni Pakýao ýene-de ringde duşuşarlar. Söweş barada resmi habary «Netflix» striming platformasy mälim etdi, ol duşuşygy göni ýaýlyma berer.

Duşuşyk 19-njy sentýabrda Las-Wegasda «Sfera» arenasynda geçiriler. 49 ýaşly amerikaly Meýwezer bilen 47 ýaşly filippinli Pakýao 2015-nji ýylyň maýynda hem ringe çykypdylar — şol wagt eminleriň biragyzdan çykaran karary boýunça ýeňiş Meýwezere berlipdi.

Floýd Meýwezer professional boksda ýekeje-de ýeňlişi bolmadyk rekordy saklap gelýär: 50 söweşde 50 ýeňiş, olaryň 27-si nokaut bilen tamamlandy. Onuň iň soňky resmi söweşi 2017-nji ýylyň awgustynda bolup, MMA ýyldyzy Konor Makgregory tehniki nokaut bilen ýeňipdi.

Manni Pakýao bolsa geçen ýylyň iýul aýynda dört ýyl töweregi arakesmeden soň ringe gaýdyp gelipdi. Ol WBC boýunça ýarym agyr agramda çempion bolan Mario Barrios bilen tutluşyp, bu duşuşyk deňme-deň tamamlanypdy. Pakýaonyň hasabynda 62 ýeňiş (39 nokaut bilen), 3 deňlik we 8 ýeňliş bar.