Turkmenportal logo
23.02.26
1617216172
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda «Kompozitor» atly filmiň nobatdaky üstünligine bagyşlanan dabara geçirildi 

21-nji fewralda «Aşgabat» kinoteatrynda dabaraly maslahat geçirildi. Ol Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna surata düşürilen «Kompozitor» atly filmiň Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýörite baýraklaryna mynasyp bolmagyna bagyşlandy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Dabara başlanmazdan ozal, oňa gatnaşyjylar kinoteatryň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar.

Şu ýylyň 15 — 18-nji fewraly aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde Türkmenistanyň kino günleri geçirildi. Onuň çäklerinde Ankaranyň Ýaşar Kemal adyndaky medeni merkezinde «Kompozitor» atly türkmen çeper filminiň görkezilişi boldy.

Soňra bu ajaýyp film TÜRKSOÝ-yň halkara baýraklarynyň ikisi — filmiň surata düşürilmegine ýakyndan goldaw beren Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy guramanyň «Goşa ganatly uly laçyn» atly ýörite sylagy, şeýle-de filmi saz bilen bezändigi üçin kompozitor Kerim Berdimuhamedow «Ganatly altyn bedew» atly ýörite sylag bilen sylaglanyldy. 

Çykyşlarda filmiň nobatdaky halkara sylaglarynyň aýratynlyklary barada durlup geçilip, milli kinematografiýanyň ösüşine uly goşant bolan bu çeper film üçin Kerim Berdimuhamedowyň «Ganatly altyn bedew» atly ýörite sylag bilen sylaglanylmagynyň ýurdumyzyň kino sungatynda şatlykly wakadygy, sylagyň Türki medeniýetiň halkara guramasy tarapyndan ilkinji gezek gowşurylyp, filmiň sazlarynyň onuň çeperçilik taýdan gymmatyny has-da artdyrandygy nygtaldy.

«Kompozitor» filmi 2024-nji ýylda Türkmenistanda geçirilen «Gorkut ata» atly IV halkara kinofestiwalda eminleriň ýörite baýragyna, iň gowy zenan keşbi baýragyna, 2025-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen Kinematografiýa sungatynyň Ýewraziýa akademiýasynyň «Göwher kebelek» atly açyk Ýewraziýa kinofestiwalynda «Iň gowy suratkeş» ugry boýunça baýraklara mynasyp bolupdy.

Filmde türkmen halkynyň milli saz sungatyny, onuň jadylaýjy güýjüni görkezýän görnüşler suratlandyrylýar. Filmiň tutuş dowamynda wakalar sazyň utgaşdyrylmagynda beýan edilýär. Kerim Berdimuhamedowyň filmde orun alan saz eserleri gahrymanlaryň içki dünýäsini inçeden açyp görkezmek bilen, türkmen saz medeniýetiniň baý däplerine daýanýar. Bu sazlar türki halklaryň medeni mirasyny ösdürmäge we olary gorap saklamaga möhüm goşantdyr diýlip, habarda bellenilýär.