Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde ýöriteleşdirilen iňlis dili mekdebiniň açyljakdygyny habar berdi. Bu mekdepde okadyş işleri döwrebap standartlar esasynda alnyp barlar we uçurymlaryň Amerikanyň öňdebaryjy uniwersitetlerine girmegine şert döreder. Bu barada ol «Al-Arabiýa» teleýaýlymyna beren interwýusynda mälim etdi.
«Ýakynda gurlan täze «akylly» Arkadag şäherinde häzirki zaman bilim usullary we standartlary boýunça okadyljak ýöriteleşdirilen iňlis dilli mekdebini açmagy meýilleşdirýäris. Möhüm hem bellemeli zatlaryň biri: okuw prosesi ABŞ-nyň gowy uniwersitetlerinde, ýagny Garwardda, Massaçusets tehnologiýa institutynda, Kolumbiýa uniwersitetinde okuwlary dowam etdirmäge mümkinçilik bermeklige gönükdiriler» diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary baradaky soraga jogap beren Milli Lider medeniýet, ylym, bilim we sport ulgamlaryny görkezdi hem-de bu ugurlarda eýýäm baý tejribäniň toplanylandygyny nygtady.
Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň «Medeni mirasy gorap saklamak baradaky Ilçiniň gaznasy» (AFCP) maksatnamasynyň 2001-nji ýyldan bäri Türkmenistanda işleýändigini we ýurtda 30 sany taslamanyň amala aşyrylmagyna goldaw berendigini ýatlatdy. Şeýle hem ol iňlis diliniň ýurduň ähli umumybilim berýän mekdeplerinde okadylýandygyny, dört sany ýokary okuw mekdebinde bolsa okadyş işleriniň dolulygyyna iňlis dilinde alnyp barylýandygyny belledi.
Medeni gatnaşyklar barada aýtmak bilen, Milli Lider Nýu-Ýorkdaky Metropoliten muzeýi bilen hyzmatdaşlygy agzap geçdi we ony giňeltmäge taýýardygyny bildirdi. Onuň sözlerine görä, Türkmenistanda amerikan kinematografiýasyna, edebiýatyna we sazyna uly gyzyklanma bildirilýär. Ýurtda yzygiderli amerikan toparlarynyň konsertleri, film görkezişleri geçirilýär we arheologik ekspedisiýalar işleýär.
«Biz şeýle hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge we giňeltmäge taýýardyrys, şeýle hem Türkmenistanyň medeniýetini ABŞ-da has giňden tanyşdyrmaga taýýardyrys» diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni jemledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Al-Arabiýa» teleýaýlymyna beren interwýusynyň doly tekstini şu salgydan okap bilersiňiz.