Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi ähli gyzyklanma bildirýän kompaniýalar, şol sanda amerikan kompaniýalary üçin hem açykdyr. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Al-Arabiýa» teleýaýlymyna beren interwýusynda mälim etdi.
«TOPH taslamasynyň gyzyklanma bildirýän kompaniýalar üçin açykdygyny aýratyn bellemek isleýärin. Amerikan hyzmatdaşlarymyzyň hem oňa gatnaşmagyň mümkinçiliklerine hakyky baha berjekdigine umyt edýäris» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýtmagyna görä, häzirki wagtda Owganystanyň çäginde gaz geçirijisiniň «Arkadagyň ak ýoly» diýlip atlandyrylan birinji tapgyrynyň gurluşygy dowam edýär. Taslama halkara derejesinde, şol sanda ABŞ tarapyndan goldanylýar we Günorta Aziýa döwletleriniň energetika zerurlyklaryny üpjün etmekde uly mümkinçiliklere eýedir. Şeýle hem ol Aziýa – Ýuwaş umman sebitiniň, Ýakyn we Orta Gündogaryň bazarlaryna çykmak üçin täze ýollary açýar.
Milli Lider bu taslamanyň sebitdäki syýasy durnuklylyk we ykdysady abadançylyk üçin uly ähmiýete eýedigini hem-de maýa goýum taýdan örän özüne çekijidigini aýratyn nygtady.