Turkmenportal logo
Şu gün 07:40
53315331
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-na saparynyň dowamynda «Panther» milli golf klubynda boldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran saparynyň çäklerinde «Panther» milli golf klubyna we «Sandhill Crane Golf Club» okuw-türgenleşik merkezine baryp gördi. Bu barada TDH agentligi habar berýär.

Saparyň dowamynda golf klubynyň wekilleri Milli Lideri golf meýdançalaryny gurnamagyň aýratynlyklary we olaryň häsiýetnamalary bilen tanyşdyrdylar. Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň ýaşlarynyň arasynda golfa bolan gyzyklanmanyň barha artýandygyny belläp, Türkmenistanyň bu ugurda amerikan hünärmenleri bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Öz gezeginde, klubyň wekilleri türkmen kärdeşleri bilen tejribe alyşmaga we bilelikdäki turnirleri guramaga taýýardyklaryny bildirdiler.

1992-nji ýylda açylan «Sandhill Crane Golf Club» türgenleşik merkezinde Milli Lider dokma önümleriniň sergisini, şol sanda Türkmenistanyň ugurdaş kärhanalarynda öndürilen «Made in Turkmenistan» belligi bolan önümleri synlady. Gurbanguly Berdimuhamedow türgenleşik işinde sanly tehnologiýalary ulanýan merkeziň mümkinçiliklerine ýokary baha berdi we golf ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýetini nygtady.

Halk Maslahatynyň Başlygy, şeýle hem golf meýdançalarynyň gurluşygynyň ekologiýa abadançylygynyň we ilatyň, aýratyn-da ýaşlaryň saglygyny berkitmegiň möhüm şerti hökmündäki ähmiýetine ünsi çekdi.