Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk syýasaty diňe bir sebitde däl, eýsem, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) ähli giňişliginde parahatçylygy we ynamy berkitmekde netijeli gural bolup hyzmat edýär diýip, guramanyň Baş sekretary Hisseýn Brahim Taha belledi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.
«Türkmenistan tarapyndan alnyp barylýan hemişelik bitaraplyk syýasaty häzirki wagtda diňe bir sebitde däl, eýsem, guramanyň ähli giňişliginde parahatçylygy we ynamy berkitmekde netijeli gural bolup hyzmat edýär» — diýip, Taha guramanyň Jiddadaky merkezi edarasynda Türkmenistanyň YHG-nyň ýanyndaky täze hemişelik wekili Muhammetgeldi Aýazowyň ynanç hatlaryny kabul eden mahaly aýtdy.
Şeýle-de Baş sekretar häzirki halkara ýagdaýynyň çäginde Aşgabadyň öňüni alyş diplomatiýasy meselelerindäki tejribesine ýokary baha berip, onuň aýratyn ähmiýetini belledi we täze hemişelik wekiliň işiniň Türkmenistan bilen guramanyň arasyndaky gepleşiklere täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistanyň YHG-nyň ýanyndaky täze hemişelik wekili Muhammetgeldi Aýazow, öz gezeginde, ýurduň YHG-nyň işine, aýratyn-da, medeniýet, bilim we özara ykdysady hyzmatdaşlyk ulgamlarynda goşandyny giňeltmegi maksat edinýändigini belledi.