Mukaddes Oraza aýynda «Zyýat Hil» konditer dükanlar ulgamy ruhy sazlaşygy, agzybirlik we däp-dessurlara hormat goýmak gurşawyny emele getirip bilýän ýörite süýjülikler toplumyny hödürleýär.
Oraza aýy — birek-birege goldaw, sahawat we maşgala ýylylygynyň gymmatlyklarynyň has-da güýçlenýän döwri. Bu döwürde agşamara bir saçagyň başyna jemlenmek däpleri we baýramçylyk desterhanyň jikme-jikliklerine üns berilmegi aýratyn ähmiýetlidir. «Zyýat Hil» bu möwsümde gündogar nusgalaryny häzirki zaman konditerlik meýilleri bilen utgaşdyrylan täze çözgütleri taýýarlady.

Assortimentde — ýumşak krem bilen taýýarlanan ýeňil biskwit tortlary, şeýle hem Oraza aýynyň temasy bilen bezelen süýji toplumlary bar. Täze toplumy taýýarlamakda süýjülikler üçin ulanylýan goşundylaryň hiline we bezegiň estetikasyna aýratyn üns berildi: ýyly reňkler, gündogar nagyşlarynyň düzüm bölekleri we nepis bezegler bu mukaddes aýyň ruhuny has-da aýdyň açyp görkezýär.
Müşderiler üçin amat bolar ýaly sargytlar her gün sagat 8:00-dan 22:45-e çenli, dynç günsüz kabul edilýär. Mundan başga-da, sargyt 150 manatdan ýokary bolsa, Aşgabada we Gökdepe etrabyna eltip bermek mugt amala aşyrylýar.

«Zyýat Hil» dükanlarynyň salgylary:
Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254 — tel. (+993 12) 35 37 13, (+993 62) 02 13 61;
Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, «Seýran» söwda merkezi — tel. (+993 12) 29 35 03, (+993 62) 02 13 62;
Gurtly-3 ýaşaýyş toplumy, 1-nji gat — tel. (+993 12) 97 95 06, (+993 62) 02 13 63.
Täzelikler we ylham beriji süýji teklipler bilen «Zyýat Hil» dükanlar ulgamynyň sosial ulgamdaky resmi sahypasynda tanyşyp bilersiňiz.