Turkmenportal logo
Düýn 10:25
1566615666
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Bilim ministrligi Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin seçip almaklygy yglan etdi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine bakalawr we magistratura maksatnamalary boýunça okamak üçin ýurduň raýatlarynyň seçip alyş işini geçirýär.

2026-njy ýylyň 23-nji fewralyndan 8-nji martyna çenli Aşgabadyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde umumy orta, orta hünär ýa-da ýokary hünär bilimi bolan Türkmenistanyň raýatlarynyň resminamalary kabul edilýär.

Seçip alyş işine gatnaşmak üçin dalaşgärler aşakdaky resminamalary tabşyrmalydyrlar: bellenilen görnüşdäki arza we sowalnama, bilim baradaky resminamalary (tassyklanan terjimeleri bilen), saglyk ýagdaýy barada güwänama, iňlis, fransuz ýa-da rumyn dilinde taýýarlanan terjimehal, şeýle hem beýleki zerur resminamalar. Bakalawr maksatnamasy boýunça okuwa girjek dalaşgärler üçin SAT, TOEFL ýa-da IELTS şahadatnamalary bolan, magistratura maksatnama boýunça okuwa girjek dalaşgärler üçin bolsa GMAT ýa-da GRE şahadatnamalary bolan dalaşgärler artykmaçlykdan peýdalanýarlar. Döwlet ders olimpiadalarynyň ýeňijileri we halkara bäsleşiklere gatnaşan dalaşgärler hem artykmaçlykdan peýdalanýarlar.

Dalaşgärler bilen seçip alyş söhbetdeşligi 2026-njy ýylyň 11–12-nji martynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçiriler. Hünärleriň sanawy, ýerleriň sany we okamagyň şertleri barada giňişleýin maglumat almak üçin şu salgydaky kabul ediş toparyna ýüz tutup bilersiňiz: Aşgabat şäheri, 1958 (Andalyp) köçesi, 169, tel.: (+993 12) 39-85-62, 39-85-25, şeýle hem elektron poçta: admissioniuhd@gmail.com.