Turkmenportal logo
Düýn 10:16
1259212592
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmennebit» döwlet konsernine zerur bolan tehnikalary we enjamlary satyn almaga ygtyýar berildi

Ozal habar berşimiz ýaly, 20-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

TDH agentliginde habar berlişi ýaly, bu ugurda amala aşyrylýan giň gerimli işler konserniň kärhanalarynyň önümçilik-tehnologik desgalarynyň bökdençsiz, sazlaşykly we ygtybarly işlemegini üpjün edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurduň nebitgaz pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutany nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanan degişli Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, degişli tabşyryklary berdi.

Resminama laýyklykda, «Türkmennebit» döwlet konsernine zerur bolan tehnikalary we enjamlary satyn almaga ygtyýar berildi.