18 ýaşdan kiçi oýunçylardan düzülen Türkmenistanyň hokkeý ýygyndysy Saraýewoda geçirilen ýetginjekleriň arasyndaky 27-nji dünýä çempionatynyň «B» toparçasynyň üçünji diwizionyndaky çykyşlaryny tamamlady.
Üçünji orun ugrunda geçirilen oýunda türkmen hokkeýçileri Bosniýa we Gersegowinanyň toparyndan 1:4 hasaby bilen ýeňildi. Myhmanlaryň düzüminde ýeke-täk goly Serdarmyrat Ýollyýew geçirdi.
Ýaryşyň netijesine görä, Türkmenistanyň ýygyndysy 4-nji orny eýeledi we indiki möwsümde hem üçünji diwizionyň «B» toparçasynda çykyş etmegini dowam etdirer.
Final duşuşygynda Tailandyň ýygyndysy goşmaça wagtda Islandiýany 4:3 hasaby bilen ýeňip, üçünji diwizionyň «A» toparçasyna çykmaga hukuk gazandy.