Turkmenportal logo
Şu gün 09:13
29202920
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministrini wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli gutlady 

Prezident Serdar Berdimuhamedow hanym Sanae Takaitä Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada TDH habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanynyň hatynda Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň ilkinji sammitiniň çäklerindäki duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belläp, ýola goýlan ynanyşmak dialogynyň esasynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň giň mümkinçiliklerini bilelikde ulanmaga taýýardygyny beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti mümkinçilikden peýdalanyp, Premýer-ministr Sanae Takaitä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Ýaponiýanyň dostlukly halkynyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.