Turkmenportal logo
Şu gün 08:36
36293629
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda Halkara Ene dili güni bellenip geçildi

19-njy fewralda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Halkara ene dili gününe bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Çäräniň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň ÝUNESKO boýunça Milli toparynyň Sekretariaty bilen bilelikde çykyş etdiler. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Çykyş edenler Halkara ene dili güniniň taryhy we ähmiýeti, häzirki jemgyýetde türkmen diliniň orny barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Maslahatyň dowamynda «Altyn miras» medeniýet merkeziniň agzalary aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler we edebi okaýyşlar bilen çykyş etdiler.

Halkara ene dili güni ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 30-njy mejlisiniň karary bilen 1999-njy ýylyň noýabrynda döredildi we şondan bäri her ýyl 21-nji fewralda bütin dünýäde bellenilip gelinýär.

Çalt ösýän Türkmenistanda hem bu halkara baýram ýokary derejede bellenilýär. Oguz han döwründen gözbaş alýan türkmen dili türki dilleriň arasynda iň baý dilleriň biri hökmünde ykrar edilýär.