Turkmenportal logo
Şu gün 09:33
61826182
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň wekilleri Abu-Dabide metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça maslahata gatnaşdylar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Daşky gurşawy goramak ministrliginiň we «Türkmennebit» döwlet konserniniň wekillerinden ybarat bolan türkmen wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw maksatnamasynyň (UNEP) Nebit we gaz metany hyzmatdaşlygy (OGMP) 2.0 maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça ýyllyk konferensiýa gatnaşdy. Bu barada Daşky gurşawy goramak ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, konferensiýa Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde geçirildi. Maslahatda, ölçeg esasly hasabatlylygy öňe sürmek we Altyn standartyň talaplaryna laýyklykda nebit-gaz pudagynda metanyň zyňyndylaryny azaltmak, meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Dünýädäki nebit we gaz önümçiliginiň 42 göterimden gowragyny, şeýle hem hökümet we akademiýanyň hyzmatdaşlaryny 150-den gowrak agza ýokary derejeli kompaniýanyň wekillerini bu konferensiýa ýygnady.

Maslahatda altyn standart hasabatynyň 5-nji derejesini gazanmak maksady bilen metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça anyk çäreler geçirmeklik ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem, maslahatyň çäginde türkmen wekiliýeti Bütindünýä bankynyň we BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasynyň (UNEP) wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirdi. Duşuşyklarda OGMP 2.0 standartynyň bolup biläýjek roly we metanyň zyňyndylaryna gözegçilik etmek, hasabat bermek we barlamak (MRV) ulgamyny döretmek üçin teklip edilýän grant taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.