Turkmenportal logo
19.02.26
1955419554
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda geodeziýa boýunça V internet olimpiadasy geçiriler

16-njy aprelde Türkmen oba hojalyk instituty ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geodeziýa boýunça V internet olimpiadasyny guraýar.

Oňa gatnaşmaga ýurduň ähli ýokary okuw mekdepleriniň dürli hünärlerde we taýýarlyk ugurlarynda okaýan talyplary çagyrylýar. «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, her ýokary okuw mekdebinden olimpiada bäş talyp gatnaşyp biler.

Bäsleşik şahsy ýaryş görnüşinde geçiriler.

Gatnaşmak isleýän ýokary okuw mekdepleri gatnaşyjylar topary we onuň jogapkär ýolbaşçysy baradaky maglumatlary 1-nji aprele çenli tohi_tm@sanly.tm elektron salgysyna ibermelidirler.

Gatnaşyjylar olimpiadanyň düzgünnamasy bilen guraýjy ýokary okuw mekdebiniň saýtynda tanyşyp bilerler.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +99362733905; +99364264160.

Olimpiadanyň ýeňijileri degişli derejeli Diplomlar bilen sylaglanarlar.