Turkmenportal logo
Düýn 08:29
87148714
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mejlisiň Başlygy Indoneziýanyň ilçisiniň ynanç hatyny kabul etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rolliansýah Soemiratdan ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Işjeň we netijeli ýagdaýda geçirilen duşuşygyň dowamynda diplomata Mejlisiň düzümi, onuň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde alyp barýan köpugurly işleri barada giňişleýin maglumat berildi.

Söhbetdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän türkmen-indoneziýa gatnaşyklarynyň giň ugurlary boýunça pikir alşyldy.