Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň «Saglygy goraýyşda parahatçylygy, agzybirligi we diplomatiýany öňe sürmekde goşan goşandy üçin» atly ýörite sylagynyň gowşurylmagy mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlady. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gutlagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adamzat ähmiýetli, parahatsöýüjilikli, ynsanperwer we köpugurly döwlet syýasatynyň raýatlaryň sagdyn durmuşy ugrundaky bimöçber aladalary hem-de ýurduň saglygy goraýyş ulgamyna hemmetaraplaýyn hemaýat etmek babatdaky oňyn tagallalary netijesinde Türkmenistanyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany hökmünde abraý-mertebesiniň belende göterilýändigi bellenilýär.
«Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy we Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlygyň köpýyllyk, oňyn tejribesi milli saglygy goraýyş ulgamynyň dürli ugurlary boýunça ençeme bilelikdäki taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň subutnamasydyr» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gutlag hatynda belleýär.