Turkmenportal logo
17.02.26
1118311183
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýaponiýanyň ilçisi Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini has işjeň ulanmaga çagyrdy

17-nji fewralda «Arkaç» işewürlik merkezinde Ýaponiýanyň öňdebaryjy korporasiýalarynyň wekilleri bilen türkmen kompaniýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň duşuşygy geçirildi. Çäre Türkmenistanyň «Iş nokady» kompaniýasynyň goldawy bilen guraldy.

Gepleşiklere «Mitsubishi», «Itochu», «Toyota» we «Kawasaki» ýaly ýapon korporasiýalarynyň wekilleri gatnaşdy. Ýapon tarapyndan duşuşyga Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Sasaki Hirosi hem gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Maslahatlaşylan esasy temalaryň biri Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri boldy. Syýahatçylyk pudagynyň wekiliniň ýapon syýahatçylaryny çekmek boýunça görüljek çäreler baradaky soragyna jogap berip, ilçi Sasaki Osakada geçirilen «Ekspo — 2025» Bütindünýä sergisiniň netijelerine salgylandy. Ol ýerde Türkmenistanyň pawilýony gelip görenleriň sany boýunça üçünji orny eýeläp, 3 milliona golaý myhmang garşylapdy.

Diplomat ýapon jemgyýetçiliginiň türkmen ekspozisiýasyna bolan şeýle uly gyzyklanmasynyň syýahatçylyk akymynyň artmagy üçin hakyky mümkinçilikleri açýandygyny belledi. Ilçi syýahatçylyk kompaniýalaryny Türkmenistany ýapon bazarynda has-da işjeň mahabatlandyrmaga çagyrdy. Ol ýurduň tebigy, taryhy we medeni ajaýyplyklaryny — Derweze, Köýtendag ýaly ýerleri aýratyn agzap geçdi we paýtagt Aşgabatdan başga-da, ýurtda daşary ýurtly myhmanlary hakykatdan hem haýran galdyryp biljek köp sanly ýerleriň bardygyny nygtady.