Türkmenistanda 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy diýlip yglan edilen Köneürgenç etrabyna 1 million amerikan dollary möçberindäki pul baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Dabara Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda açylyp ulanmaga berlen Bitaraplyk şäherçesinde guraldy. Bu barada TDH habar berdi.
Hökümetiň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti ýeňiji bolan etrabyň häkimligini 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglamak hakynda, şeýle hem 2026-njy ýylda etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň arasynda täze bäsleşigi yglan etmek hakynda Buýruklara gol çekdi.
Şäherçäniň medeniýet öýüniň öňündäki meýdançada guralan dabara welaýatyň köp sanly ýaşaýjylary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Bu ýerde gurnalan ak öýleriň töwereginde türkmeniň milli toý däp-dessurlary ýerine ýetirildi.
Soňra çäre medeniýet öýüniň mejlisler jaýynda dowam etdi. Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň jemleri boýunça durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler babatda iň ýokary netijeleri gazanan Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň ilatyna iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.
Ýygnananlar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, onda döwlet Baştutanyna sebitiň ilatynyň ýurduň depginli durmuş-ykdysady ösüşine goşýan goşandyna berýän ýokary bahasy üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.