Turkmenportal logo
Şu gün 08:26
71537153
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Si Szinpini Bahar baýramy mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine we dostlukly ýurduň halkyna Bahar baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH agentligi habar berýär.

«Täze ýylyň başlangyjyny alamatlandyrýan bu nurana baýram kalplary parahatçylyk, ylalaşyk we abadançylyk umydy bilen dolduryp, gadymdan bäri adamlary ýakynlaşdyryp gelýär» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti gutlag hatynda belleýär. 

Döwlet Baştutany Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryň strategik we uzak möhletleýin häsiýete eýedigini nygtap, iki ýurduň halklarynyň bähbidine bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga berk ygrarlydygyny tassyklady.

Mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidenti ýetip gelen at ýylynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, üstünlik, Hytaý Halk Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.