Ozal habar berşimiz ýaly, şu Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň direktory Hans Klýugeni kabul etdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň direktory duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanyna Türkmenistana parahatçylygy we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, şeýle hem Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy we Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda saglygy goraýyş diplomatiýasyny berkitmekde yzygiderli tagallalary üçin BSGG-niň «Saglygy goraýyşda parahatçylygy, agzybirligi we diplomatiýany ösdürmekde goşan goşandy üçin» atly ýörite sylagyny gowşurdy.
Türkmenistanyň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, bu sylagy ýurduň saglygy goraýyş ulgamynda alyp barýan işlerine we gazanýan netijelerine Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan berilýän bahanyň ykrarnamasy hökmünde kabul edýändigini aýtdy.