Turkmenportal logo
16.02.26
1507515075
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň direktoryny kabul etdi
Surat: Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň direktory Hans Klýugeni kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň direktory duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle hem BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň direktory döwlet Baştutanyny 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegi hem-de şu ýylyň «Arkalaşygyň giňişliginde saglygy goramagyň ýyly» diýlip yglan edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Türkmenistanyň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de döwlet Baştutany myhmanyň Türkmenistana saparynyň dowamynda gatnaşjak «Bütindünýä saglygy goraýyş çygrynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli Dialog» atly okuw maslahatynyň saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny maslahatlaşmak, pikir alyşmak üçin möhüm mümkinçilik boljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany ýola goýlan bu oňyn tejribeden ugur alnyp, ýurduň BSGG bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň direktory birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.