Turkmenportal logo
14.02.26
2698826988
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Futzal, basketbol we woleýbol boýunça Talyplar ligalaryna badalga berildi

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda futzal, basketbol hem-de woleýbol boýunça Türkmenistanyň Talyplar ligalarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada institutyň resmi saýtynda habar berildi.

Bu çäre Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Bilim ministrliginiň bilelikde tassyklan Türkmenistanyň Milli talyplar sport federasiýasynyň 2026-njy ýyl üçin köpçülikleýin sport we medeni çäreleriniň meýilnamasy esasynda guraldy.

Türkmenistanyň Talyplar ligalarynyň açylmagy ýaşlaryň sporta bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga, talyplaryň arasynda bäsdeşlige ukyplylygy güýçlendirmäge hem-de ýurduň sport abraýyny has-da belende galdyrmaga gönükdirilendir.

Dabaranyň çäginde institutyň «Sagdyn nesiller» çeper höwesjeňler toparynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Çykyşlarda sagdyn durmuş ýörelgesiniň, sportuň we ruhubelentligiň waspy ýetirildi.