Turkmenportal logo
14.02.26
3645536455
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ahal welaýatynyň Gökdepe we Tejen etraplarynyň häkimleri täzelendi

Ahal welaýatynyň Gökdepe we Tejen etraplarynyň häkimleri täzelendi. Bu baradaky degişli resminamalara 13-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çekildi.

TDH agentliginiň habar berşi ýaly, Çarygeldi Çarlyýew Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Nurberdi Myratgeldiýewiç Kakabaýew bellenilip, ol «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Ýazmyradow Guwançmyrat Orazmyradowiç özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Kerwen Allaberdiýewiç Çaryýew bellenildi.