13-nji fewralda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygaryna bagyşlanan çäre hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, çärä Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Kanun çykaryjy palatasynyň deputaty, Respublikanyň türkmen medeniýeti merkeziniň ýolbaşçysy, türkmen diasporasynyň wekilleri, Özbegistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary, şeýle hem Ilçihananyň işgärleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň ilçisi Ş.Meredow 2026-njy ýylyň şygarynyň 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň logiki dowamy bolup durýandygyny belledi. Şeýle hem, häzirki şygaryň mazmunynyň türkmen halkynyň öz ruhy we medeni gymmatlyklaryna taryhy taýdan ygrarlylygy hem-de häzirki zaman ählumumy ýagdaýlary bilen şertlendirilýändigi nygtaldy.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň 2028-nji ýyly Halkara hukugyň ýyly diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň ähmiýeti bellenildi. Bu başlangyç ýurduň halkara hukugynyň ýörelgelerine we hukugyň hökmürowanlygyna ygrarlydygyny görkezýär.
Çäräniň çäklerinde gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitaby tanyşdyryldy, şeýle hem onuň konseptual we amaly mazmuny beýan edildi.
Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylara türkmen milli tagamlary hödürlenildi diýlip, habarda bellenilýär.