Turkmenportal logo
14.02.26
2818328183
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Toyota onuň watany Ýaponiýa bilen deňeşdirilende Türkmenistanda has meşhur hasaplanýar

Türkmenistanda awtoulag bazarynyň 60–70 göterimini Toyota kysymly awtoulaglar eýeleýär. Bu görkeziji olaryň öz watany bolan Ýaponiýa bilen deňeşdirilende has ýokarydyr (Ýaponiýada 50 göterimden az). Bu barada Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň tanyşdyryş çäresi mynasybetli çykyşynda habar berildi.

Maglumatlar Aşgabat şäherinde geçirilen dabaraly kabul edişlikde beýan edildi. Çäre Ýaponiýanyň imperatory Naruhitonyň doglan güni mynasybetli guraldy we ony Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sasaki Hiroshi alyp bardy.

Ilçihananyň tanyşdyryş maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda Türkmenistana eksport edilen ýapon harytlarynyň 50 göterimi awtoulaglaryň paýyna düşdi.

«Toyota awtoulaglary Türkmenistanda giňden ýaýrandyr, olaryň paýy awtoulaglaryň umumy möçberiniň 60–70 göterimini düzýär. Ýaponiýada bolsa Toyota awtoulaglarynyň paýy 50 göterimden az. Şoňa görä-de, Toyota awtoulaglaryna Türkmenistanda Ýaponiýadakydan hem has köp duş gelinýär» — diýlip, ilçihananyň materialynda bellenilýär.