Turkmenportal logo
Düýn 23:22
1672516725
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
M.Çakyýew wise-premýer wezipesinden boşadyldy

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, onuň dowamynda Mämmethan Berdimyradowiç Çakyýew Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Maglumat hökmünde ýatlatsak, M.Çakyýew wise-premýer wezipesine 2025-nji ýylyň iýul aýynda 6 aý synag möhleti bilen bellenilipdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasary wezipesine Batyr Amangeldiýewiç Annaýew bellenildi.