Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Batyr Amangeldiýewiç Amanow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Ýeri gelende ýatlatsak, B.Amanow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine 2023-nji ýylyň maý aýynda bellenilipdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Welnazarowiç Agajanow, şol bir wagtda, wise-premýer wezipesine bellenildi.