Turkmenportal logo
Düýn 11:14
1118011180
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Maksatly Türkmen» awtomatiki mansarda penjirelerini hödürleýär

Tebigy ýagtylyk, arassa howa we ýokary derejeli amatlylyk — häzirki zaman öýleriniň taslamalaşdyrylmagynda has köp ileri tutulýan esasy talaplardyr. Gurluşyk pudagyndaky häzirki zaman ugurlaryna laýyklykda «Maksatly Türkmen» hojalyk jemgyýeti ýaşaýyş üçin amatly hem-de funksional giňişligi döretmäge mümkinçilik berýän awtomatiki mansarda penjirelerini hödürleýär.

Kompaniýa ýagtylygy geçirýän gurluşlary öndürmäge ýöriteleşip, ýaşaýyş we täjirçilik maksatly desgalar üçin önümleriň giň görnüşlerini üpjün edýär. Awtomatiki mansarda penjireleri şemalladyş derejesini we tebigy ýagtylygyň möçberini aňsatlyk bilen sazlamaga mümkinçilik berip, otagyň içinde amatly mikrohowa gurşawyny döredýär.

Bu gurluşlar häzirki zaman tehnologiýalarynyň we ýokary hilli materiallaryň ulanylmagy bilen taýýarlanylýar, bu bolsa olaryň ygtybarlylygyny, uzak möhletleýinligini we howpsuzlygyny üpjün edýär. Şeýle çözgütler hususy öýler, kottejler bilen bir hatarda täjirçilik binalary üçin hem diýseň amatlydyr.

«Maksatly Türkmen» talaba laýyk gurluşy saýlamakdan başlap, hünärmenler tarapyndan gurnamak işlerine çenli toplumlaýyn hyzmatlary hödürleýär. Kompaniýanyň hünärmenleri desganyň binagärlik aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, müşderileriň aýratyn isleglerine laýyk gelýän taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam berýärler.

Döwrebap önümleriň görnüşini giňeldip, kärhana gurluşykda amatlylyk, energiýa tygşytlylygyny we amalylygy üpjün edýän çözgütleri ornaşdyrmagyny dowam etdirýär.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:
• Salgysy: G. Kulyýew köçesi, jaý 28 
• Telefonlar: 75 41 11, 75 42 22, 59 53 53, 59 53 33
• Web-saýt: turkmenglass.com    
• Sosial ulgamdaky sahypasy