Turkmenportal logo
Düýn 15:35
1254912549
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda «Arkadag» futbol kluby — türkmen futbolynyň buýsanjy we geljegi» atly mediaforumy öz işine başlady

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda «Arkadag» futbol kluby – türkmen futbolynyň buýsanjy we geljegi» atly halkara mediaforum öz işine başlady. Çäre 11-nji fewralda Aşgabatda geçiriljek AFK-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyryndaky «Arkadag» bilen Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubynyň arasyndaky möhüm duşuşygyň öňüsyrasynda geçirilýär.

Forumyň işine Türkmenistanyň sport guramalarynyň wekilleri, şeýle hem Russiýadan, Hytaýdan, Türkiýeden, Azerbaýjandan we Özbegistandan gelen halkara sport wakalaryny teswirleýän köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar.

Çäräniň maksatnamasy Halkara ýaýlym merkeziniň Olimpiýa toplumynyň zalynda başlandy. Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň degişli döwlet komitetleriniň ýolbaşçylarynyň, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, şeýle hem Hytaýyň CCTV-5, Russiýanyň «Mir 24», Türkiýäniň TRT Sport we Azerbaýjanyň Idman TV ýaly öňdebaryjy halkara teleýaýlymlarynyň žurnalistleriniň çykyşlary meýilleşdirilýär.

Ýatladyp geçsek, AFK-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyryndaky «Arkadag» – «Al-Nasr» klublarynyň arasyndaky duşuşyk çarşenbe güni, 11-nji fewralda geçiriler we ol Aşgabat wagty bilen sagat 18:45-de başlar. Duşuşygyň baş emini hökmünde Bahreýnden Ammar Ibrahim Hasan Mahfud bellenildi.