Turkmenportal logo
Şu gün 08:46
38863886
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Arkadag şäherinde «Galkynyş» toparynyň üstünliklerine bagyşlanan hoşallyk maslahaty geçirildi

Arkadag şäheriniň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda we Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň hoşallyk maslahaty we baýramçylyk çykyşlary boldy. Bu çäre türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şäheriň degişli edaralaryna amala aşyran saparyna bagyşlandy. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Maslahata ylym we medeniýet işgärleri, bilim edaralarynyň ýolbaşçylary, pudak hünärmenleri, žurnalistler we talyp ýaşlar gatnaşdy.

Çykyş edenler 2026-njy ýylyň başlangyjynyň türkmen atçylygy üçin ähmiýetli üstünlikleriň döwri bolandygyny bellediler. «Galkynyş» topary dünýäniň abraýly sirk guramalarynyň ýokary sertifikatlaryna mynasyp boldy.

Maslahatda Milli Lideriň «At – myrat» okuw merkezine baryp görmegine aýratyn üns berildi. Bu merkezde bilim-terbiýe alýanlar diňe bir at çapmagy däl, eýsem himiýa, matematika, daşary ýurt dilleri we maglumat tehnologiýalaryny hem öwrenýärler. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan merkeze sanly bilim çözgütlerini ornaşdyrmak üçin 1,5 million manat pul serişdesi bölünip berildi.

Türkmenistanyň halkara abraýyny berkidýän goşantlary göz öňünde tutulyp, «Galkynyş» toparynyň agzalary bolsa 3 million manat möçberindäki baýrak bilen sylaglandylar. Çapyksuwar ýigitlere döwrebap eýerler, toparyň özüne bolsa Garaşsyz atly bedew sowgat berildi.

Maslahatda çykyş edenler kämil hünärmenleri taýýarlamakda bilim edaralarynyň ornuny we ahalteke bedewiniň milli medeniýetiň nyşany hökmünde ähmiýetini nygtadylar.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar milli atçylyk sungatyna berýän goldawy üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Çäre ahalteke bedewlerine we milli däp-dessurlara bagyşlanan baýramçylyk dabaralary bilen jemlendi.