Turkmenportal logo
05.02.26
92649264
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüş ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle-de halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk meselelerine, şol sanda köptaraplaýyn meýdançalarda iki ýurduň başlangyçlaryny we dalaşgärliklerini özara goldamak tejribesiniň ähmiýetine aýratyn üns berildi.