Turkmenportal logo
Şu gün 10:13
73367336
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ýaş alymlarynyň işleri Taýlandda geçirilen Bütindünýä ylmy bäsleşiginde «altyn» baýraklara mynasyp boldy

Türkmenistanyň iki ýaş alymy — Patma Igdirowa we Mekan Rozmyradow — 29-njy ýanwardan 2-nji fewrala çenli Taýlandyň Bangkok şäherinde geçirilen ýaşlaryň arasynda ylmy oýlap tapyşlar we innowasiýalar boýunça Bütindünýä bäsleşiginde (WYSII 2026) altyn baýraklara eýe boldular.

Iki türkmen gatnaşyjysy hem Oguz han adyndaky Türkmenistanyň Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleridir. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Patma Igdirowa «Mandragoradan biologik taýdan işjeň birleşmeleri çykarmagyň usullaryny öwrenmek» atly ylmy işi üçin iki sany ýokary derejeli baýraga: bilim we terbiýeçilik ulgamyndaky innowasiýalar üçin berilýän INTERACT 2026 INNOVATIVE EDUCATOR AWARD ýörite baýragyna hem-de ylmy barlaglaryň ähmiýeti we innowasion mazmuny üçin gowşurylýan GOLD AWARD altyn baýragyna mynasyp boldy.

Himiýa we nanotehnologiýalar fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Mekan Rozmyradow bolsa «Daşky gurşaw üçin howpsuz, ýokary durnukly keratin esasly bioplastik metallary almakda innowasion usullar» atly ylmy işini ýokary derejede hödürläp, bäsleşigiň «Ekologiýa we durnukly ösüş» ugry bovunca iň gowy bäş işiň (TOP-5) hataryna girdi. Onuň ylmy ýolbaşçysy Patma Igdirowa boldy. Bu ylmy işi üçin Mekan bäsleşigiň ýörite ýokary derejeli baýragy bolan altyn medal bilen sylaglandy.

Ýaşlaryň arasynda geçirilýän WYSII - ylmy oýlap tapyşlar we innowasiýalar boýunça Bütindünýä bäsleşigi ylym we tehnika dünýäsindäki iň abraýly çäreleriň biri bolup, her ýyl dünýäniň dürli ýurtlaryndan zehinli ýaş alymlary, oýlap tapyjylary we ylmy-gözleg işleri bilen meşgullanýan ýaşlary bir ýere jemleýär.