Turkmenportal logo
Düýn 17:48
1325813258
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Andižanyň» öňki kapitany türkmen hüjümçisi Geworkýany toparda iň gowy oýunçy diýip aýtdy

«Andižan» we «Alaý» toparlarynyň öňki kapitany we goragçysy Ildar Mamatkaziniň sözlerine görä, asly ermeni bolan türkmen futbolçysy Artur Geworkýan bir toparyň düzüminde bile oýnan futbolçylarynyň arasynda iň güýçli oýunçydyr. Bu barada 37 ýaşly türgen Eurasia Football neşirine beren interwýusynda gürrüň berdi.

Mamatkazin Geworkýan bilen bilelikde Garşy şäheriniň «Nasaf» klubynda çykyş edipdi.

«Toparda bile oýnamak miýesser eden iň gowy futbolçy kim?» diýen çalt sowal-jogap alyşmagyň çäklerinde Mamatkazin: «Artur Geworkýan — «Nasaf» — diýip, jogap berdi.

Goragçy öz futbol durmuşynda gabat gelen iň güýçli garşydaşyny hem agzady — bu meşhur kamerunly hüjümçi Samuel Eto’o boldy. «Oňa garşy «Anži» bilen geçirilen oýunda oýnamak miýesser etdi» — diýip, Mamatkazin belläp geçdi.

Artur Geworkýan 1984-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Aşgabatda doguldy. Ol Türkmenistanyň «Nusaý», «Şagadam» we «Aşgabat» klublarynda, Gazagystanyň «Esil-Bogatyr» toparynda, şeýle-de Özbegistanyň «Şurtan», «Pahtakor», «Nasaf», «Lokomotiw» we «Kyzylkum» klublarynda çykyş etdi.

2011-nji ýylda «Nasaf» toparynyň düzüminde AFK-nyň Kubogynyň eýesi boldy we ýaryşyň iň gymmatly futbolçysy diýlip ykrar edildi. 2013-nji we 2014-nji ýyllarda Özbegistanyň çempionatynda iň gowy legioner hem-de iň gymmatly oýunçy diýlip saýlandy. 2013-nji ýylda iki gezek ikinji bombardir, 2014-nji ýylda bolsa her möwsümde 18 gol bilen çempionatyň iň gowy bombardiri boldy. Şeýle hem ol «Nasaf» toparynyň kapitany bolupdy.

Geworkýan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň düzüminde hem çykyş etdi. 2007-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Kambodža garşy ilkinji oýnunda iki gol geçirdi. 2018-nji ýylyň dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda bäş oýna gatnaşyp, olaryň birinde Omanyň ýygyndysynyň derwezesine jerime urgusyndan gol saldy. 2007–2016-njy ýyllar aralygynda milli ýygyndy üçin 16 oýna gatnaşyp, 3 gol geçirdi. Şeýle hem 2006-njy ýylda AFK-nyň futzal boýunça çempionatynda Türkmenistanyň mini-futbol ýygyndy toparynda çykyş etdi.