Turkmenportal logo
Düýn 10:11
91629162
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hazar deňziniň Türkmenistanyň bölegindäki kenarynda guşlaryň sanawy geçirilýän döwründe gyzyl gazlaryň rekord sany ýüze çykaryldy

Hazar deňziniň Türkmenistanyň bölegindäki suw-batgalyk ýerlerinde (SBÝ) oňaýly tebigy şertleriň bardygy we amatly geografik ýerleşýänligi sebäpli Ýewraziýanyň suw-batgalyk we suwa ýakyn guşlary üçin möhüm göçüp-gonmak, gyşlama we höwürtgeleme sebitleriniň biri bolup durýar.

Ýanwar aýynda bu ýerde Hazar döwlet goraghanasynyň işgärleri tarapyndan suwda ýüzýän guşlary sanawyny geçirmek işleri geçirildi. Sanawy geçirijiler toparyň düzümine goraghananyň direktory T. Teňliýew, ylym bölüminiň müdiri S. Mämmedow, ornitolog-bilermen A. Şerbina we sürüji K. Çapyýew girdi.

Suratyň awtory A. Şçerbina: «Ruhyýet köşgüniň ýanynda guşlaryň gyşlamagy»

Şu ýyl Ramsar konwensiýasynyň kabul edilmegine 60 ýyl, suw-batgalyk guşlaryň halkara sanawlaryny geçirmek baradaky çözgüdiň kabul edilmegine bolsa 55 ýyl dolýar. Şeýle-de belläp geçsek, Aleksandr Şerbina üçin bu Hazar deňzindäki şahsy 55-nji meýdan möwsümi bolup durýar. Tejribeli ornitolog sanawlaryň netijeleri barada «Turkmenportal» neşiriniň habarçysyna giňişleýin gürrüň berdi.

— Gözlegler Hazar deňziniň biziň bölegimiziň diýen ýaly ähli akwatoriýasyny öz içine aldy we netijeler örän täsirli boldy - diňe 2007-nji ýylda geçirilen uçarly sanawlaryň netijeleri bilen deňeşdirip bolýar. Emma deňiz derejesiniň peselmegi bilen suw-batgalyk ýerlerimiziň käbir akwatoriýa meýdanlaryny, şeýle-de olaryň biologik sygymyny ýitirendigimizi göz öňünde tutmalydyrys: iri we orta aýlaglaryň käbir bölekleri gurap galdy, mysal üçin, iň gowy ýyllarda 50 müňden gowrak guşyň gyşlaýan Tarta we Keski ýaly käbir aýlaglar doly ýitdi. Bularyň hemmesi dünýä derejesindäki hadysalar bolup, olaryň netijelerini heniz öwrenmelidiris hem-de üýtgeýän şertlere uýgunlaşmaly bolarys. Geçen ýanwardaky howa şertleri guşlar üçin diýseň amatly boldy. Guşlaryň köp görnüşleriniň sanynyň azalmagy olaryň höwürtgeleýän sebitleriniň köpelme ýagdaýy bilen baglanyşyklydyr — bu aýgytlaýjy faktor bolup durýar, emma migrasiýa we gyşlama döwründe hem ýaş, keseller we ekologiki häsiýetli sebäpler zerarly ýitgiler gutulgysyzdyr.

Suratyň awtory A. Şerbina: «Murawýow aýlagynda ak guwlar we sakarbaraklar»

Sanawlaryň jemine görä, 43 görnüş anyk kesgitlenildi, 4 guşuň bolsa görnüşi doly anyklanmady. Jemi 405 595 guş sanawa alyndy. Käbir ýerlerde «çekilip barýan» deňiz kenary ýakynlaşmaga, guşlary synlamaga we surata düşürmäge mümkinçilik bermeýär.

Aw guşlarynyň arasynda adaty bolşy ýaly iň köp sanlysy sakarbaraklar boldy: 2007-nji ýylda olaryň sany 191 098 bolsa, şu ýyl 179 904 boldy. Ikinji orny gyzyl burunly tüňňele guşlary eýeledi — 2007-nji ýylda 179 028 bolan bolsa, şu ýyl olaryň sany 86 901.

Şu ýyl sany boýunça üçünji ýerde ýabany ördekler boldy — 30 772 sany. 2007-nji ýylda olaryň bary-ýogy 4 219 sany hasaba alnypdy.

Şeýle-de hüpükli ördek, Gyzyl kitaba girizilen gyzylbaş barak we ak guwlar ýüze çykaryldy.

Suratyň awtory A. Şerbina: «Bäsleşip ýüzýän ýaş hyşyldawuk guş we sakarbarak»

Ak guwlaryň düzümi aýratyn gyzyklydyr: 2007-nji ýylda 7 620 sany hyşyldawuk guş we bary-ýogy 12 sany sykylykçy guw hasaba alnan bolsa, şu ýyl 2 643 hyşyldawuk guş, 1 705 sykylykçy guw, 42 sany seýrek kiçi ak guw we görnüşi anyk kesgitlenmedik 367 guw hasaba alyndy.

«Goraghananyň nyşanyna öwrülen gyzyl gazlar 2007-nji ýylda bary-ýogy 313 guş bilen görkezilen bolsa, şu ýyl olaryň sany 33 373 boldy. Bu — ähli sanawlarymyzyň dowamynda gazanylan iň gowy netijedir» — diýip, A. Şerbina belleýär.

— Geçirilen sanawyň esasy netijesi şulardyr: suw-batgalyk ýerleriň meýdanlarynda käbir ýitgiler bolandygyna garamazdan, olaryň ekologiki ýagdaýy suw-batgalyk guşlar üçin migrasiýa, gyşlama we öňküsi ýaly köpçülikleýin bolmasa-da, höwürtgeleme döwründe amatly bolup galýar. Şeýle işler dowam etdirilmelidir. Bu biziň ýurdumyzyň halkara borçnamalarynyň biridir we aýratyn goralýan tebigy sebitleri netijeli dolandyrmak, möhüm ornitologik çäkleriň derejesini ýokarlandyrmak hem-de oňa Ramsar konwensiýasynyň derejesine mynasyp bolmak üçin zerurdyr — diýip, ornitolog-alym sözüni jemledi.

Söhbetdeşligi M. Hydyrowa geçirdi