Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2028-nji ýylda «Halkara hukugyň ýylyny» geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça 2026-njy ýylda birnäçe çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň sanly ulgam arkaly şu gün geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň hasabatynda bellenildi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde dünýä ösüşiniň gün tertibinde durýan sebit we halkara ähmiýetli meseleler boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürýär we olary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisinde ählumumy parahatçylyk we howpsuzlyk, durnukly ösüş, ulag-energetika, ekologiýa, howanyň üýtgemegi, ynsanperwer we halkara hukuk ulgamlarynda köpugurly hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge gönükdirilen anyk teklipleri öňe sürdi. Şunda döwlet Baştutanynyň Milletler Bileleşiginiň münberinden 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjy aýratyn ähmiýete eýedir. Bu teklibi amala aşyrmagyň çäklerinde degişli hökümet edaralary bilen bilelikde meýilnamanyň taslamasy taýýarlanyldy. Onda degişli işleri geçirmek göz öňünde tutulýar. «Halkara hukugyň ýylyny» yglan etmek maksady bilen BMG-niň sekretariatynyň Hukuk meseleleri boýunça müdirligini esasy hyzmatdaş hökmünde kesgitlemek, BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýasynda degişli kararnamanyň taslamasyny hödürlemek şeýle hem «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» atly Konsepsiýany taýýarlamak teklip edilýär. Şunuň bilen birlikde, ýylyň dowamynda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda halkara hukugyna bagyşlanylan sebitleýin we halkara çäreleri, ylmy-amaly maslahatlary, sebitleýin forumlary, brifingleri we beýleki çäreleri guramak göz öňünde tutulýar. Hukuk bilimini ýokarlandyrmak maksady bilen ýerli we halkara bilermenleriň gatnaşmagynda ýokary okuw we orta mekdeplerde degişli okuw we usulyýet gollanmalaryny işläp düzmek hem-de olary köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýaýratmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem zehinli ýaş hünärmenleri ýüze çykarmak, goldamak, ylmy barlaglara höweslendirmek, ýaşlarda halkara hukugyna gyzyklanma döretmek maksady bilen ýaşlaryň arasynda halkara hukugy babatda ylmy işi we düzme ýazmak boýunça bäsleşikleri geçirmek teklip edilýär. Jemgyýetçiligi «Halkara hukugyň ýyly» barada milli we halkara derejelerde has giňden habarly etmek maksady bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň internet sahypasynda ýöriteleşdirilen maglumat bölümini açmak şeýle hem bu barada maglumat beriji materiallary taýýarlamak we ýaýratmak göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, bu ugurda taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.