Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Ylmy barlaglar we innowasiýalar» atly ylmy-köpçülikleýin elektron žurnaly dörediler. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň sanly ulgam arkaly şu gün geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda wise-premýer B.Orazdurdyýewanyň hasabatynda bellenildi.
Bellenilişi ýaly, täze elektron neşir arkaly ýurtda bilim we ylym ulgamlarynda alnyp barylýan öňdebaryjy tejribeler giňden beýan ediler. Professor mugallymlaryň, alymlaryň we talyplaryň ylmy makalalaryny türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir etmek göz öňünde tutulýar. Bu žurnalda milli mirasyň, okatmagyň we terbiýelemegiň, filologiýanyň, psihologiýanyň, hukuk ylymlarynyň döwrebap meseleleri, usulyýetleri, şöhratly taryhyň, beýik şahsyýetleriň dünýä medeniýetine goşantlary baradaky ylmy makalalary bilen birlikde, bilimiň, ylmyň we tejribäniň özara baglanyşygyny dolandyrmak boýunça gazanylan oňyn netijeler öz beýanyny tapar. Elektron žurnaly döredilmegi ýaşlary ylmy açyşlara, oýlap tapyşlara höweslendirer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, «Ylmy barlaglar we innowasiýalar» atly ylmy-köpçülikleýin elektron žurnaly döretmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.