Turkmenportal logo
29.01.26
1155311553
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda «Materiallaryň garşylygy» dersi boýunça halkara internet-olimpiada geçiriler

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny 18-nji martda geçiriljek «Materiallaryň garşylygy» dersi boýunça V Açyk halkara internet-olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Olimpiada gatnaşmak üçin hasaba alyş 15-nji marta çenli dowam eder. Gatnaşmaklyga ýüz tutmak üçin hasaba alyş sowalnamasyny dolduryp, ony tdbgiobolymp@gmail.com elektron salgysyna ibermeli.

Hasaba alyş sowalnamasynyň nusgasy institutyň saýtynda ýerleşdirilip, şol ýerde olimpiadanyň düzgünnamasy, oňa taýýarlyk görmek üçin tabşyryklar hem-de gatnaşyjylar üçin beýleki peýdaly maglumatlar bilen tanşyp bolýar.

Guramaçylyk topary bilen habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+99312) 28-18-05, +99365 68-86-50, +99365 15-18-99, +99361 88-82-61, +99365 81-44-82, +99365 56-07-12.