Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň koreý dili mugallymy A.Seýitberdyýewa we taýýarlygyň pedagogika bilimi (koreý dili, türkmen dili we edebiýaty) ugrunyň talyplary 2026-njy ýylyň 19-njy ýanwary – 2-nji fewraly aralygynda «Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Kangwon milli uniwersitetiniň arasynda ylym we bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň» çäginde Koreýa Respublikasynyň Seul we Çhunçhon şäherlerinde geçirilýän «Feel Korea! with KNU» atly koreý dili we medeniýeti boýunça gysga möhletli okuw maksatnamasyna gatnaşýarlar.
Okuw maksatnamasynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar koreý dili boýunça amaly sapaklara gatnaşyp, gündelik gepleşik endiklerini ösdürýärler. Sapaklaryň dowamynda talyplar koreý elipbiýinde çylşyrymly sözleri ýazmagy öwrenip, dil boýunça ýazuw we sözleýiş başarnyklaryny kämilleşdirýärler.
Medeni maksatnama laýyklykda, talyplar Çhunçhon we Seul şäherleriniň milli muzeýlerine baryp, şäherleriň taryhy we medeni mirasy hem-de tebigy gözellikleri bilen tanyşdylar.
Şeýle okuw maksatnamalary talyplaryň koreý dilini öwrenmekde diňe bir nazary bilimlerini däl-de, eýsem amaly başarnyklaryny hem ösdürmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Daşary ýurt dilini onuň tebigy dil gurşawynda öwrenmek talyplara dili has çalt we täsirli özleşdirmäge oňaýly mümkinçilik döredýär. Mundan başga-da, koreý halkynyň milli däp-dessurlary, medeni gymmatlyklary we durmuş ýörelgeleri bilen ýakyndan tanyşmak talyplaryň dünýä garaýşyny giňeldip, olaryň halkara hyzmatdaşlygyna bolan gyzyklanmasyny artdyrýar hem-de geljekde ökde dilçi hünärmen hökmünde kämilleşmegine itergi berýär.