Düýn Aşgabatda Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen Katar Döwletiniň Doha ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň rektory Salem Nasser Al Naeminiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty bilen Katar Döwletiniň Doha ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň arasynda ylmy we akademiki hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama dabaraly ýagdaýda gol çekildi.
Gol çekilen bu resminama taraplaryň arasynda bilelikdäki ylmy-barlag işlerini alyp barmaga, professor-mugallymlaryň we talyplaryň tejribe alyş-çalyşyny guramaga, şeýle hem häzirki zaman tehnologiýalary boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge hukuk binýadyny döredýär.
Gol çekilen bu resminama taraplaryň arasynda bilelikdäki ylmy-barlag işlerini alyp barmaga, professor-mugallymlaryň we talyplaryň tejribe alyş-çalyşyny guramaga, şeýle hem häzirki zaman tehnologiýalary boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge hukuk binýadyny döredýär diýlip, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.
Doha ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň wekiliýetiniň bu gezekki sapary 2024-nji ýylda Türkmenistanyň bilim ministriniň ýolbaşçylygyndaky ýokary okuw mekdepleriniň üçüsiniň rektorlaryndan ybarat türkmen wekiliýetiniň Katar Döwletiniň Doha şäherine amala aşyran resmi saparynyň logiki dowamy bolup, öň gazanylan ylalaşyklaryň häzirki wagtda anyk amaly ädimlere öwrülýändiginiň aýdyň subutnamasydyr diýlip, habarda bellenilýär.