Turkmenportal logo
26.01.26
1491914919
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynda guşlaryň gyşky sanawy geçirildi

Ýanwar aýynyň ikinji ongünlüginde Türkmenistanyň Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynda guşlaryň gyşky sanawy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Sanaw işleri goraghananyň çägine ýanaşyk ýerleşýän Zengibaba, Uzynşor, Atabaýşor we Sarygamyş köllerinde, şeýle hem «Altyn Asyr» Türkmen kölüniň Daşoguz şahamçasy boýunça we goraghananyň beýleki sebitlerinde alnyp baryldy.

Sanaw işlerini geçirmek boýunça saparlar goraghananyň hünärmenleri tarapyndan BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) «Köp sanly bähbitleriň alynmagy üçin Aral deňziniň giňişliginde ýer serişdelerini we ýokary tebigy gymmatlygy bolan ekoulgamlary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak» atly taslamasynyň goldawy bilen amala aşyryldy.

Sanaw işi awtoulagda (811 km) we pyýada (36 km) alnyp baryldy. Kiçi köller (Zeňňibaba, Uzynşor we Atabaýşor) bir gözegçilik meýdany hökmünde kabul edildi, Sarygamyş köli meýdançalara (Mergenaşan, Maşryk ajy, Gulanly, Hallyçakan) bölünip, guşlaryň toplanýan ýerlerinde bir nokatdan gözegçilik, pyýada we awtoulagda hereketlenmek usuly bilen kiçi we uly dürbilerde gözegçilik işleri geçirildi.

Geçirilen barlag işleriniň netijesinde gyş döwründe guşlaryň 45 görnüşi hasaba alyndy. Olaryň 9 görnüşi oturymly guşlar, ýagny laçynşekillilere degişli depe syçançysy, bürgüt we göwenek, baýguşşekilli guşlardan baýguş we serçeşekilli guşlara degişli bolan mollatorgaý, çürçüri, alahekek, çöl gargasy, şalkyguýruk çürlentgi ýaly görnüşler bolup, olary ýylyň dowamynda goraghananyň meýdanlarynda görmek bolýar.

Hasaba alnan guşlaryň galan bölegi uçup-gelip höwürtgeleýän we gyşlaýan görnüşlere degişli boldy. Guşlaryň arasynda suwly-batgalyk guşlary 26 görnüşi ýa-da 57,7 %-i eýeledi.

Netijede, jemi 32416 sany guş hasaba alyndy. Guşlaryň arasynda suwly-batgalyk guşlary, ýaşaýşy suwly-batgalyk ýerler bilen bagly bolan laçynşekillilere degişli 2 görnüş (akguýruk suw bürgüdi we gamyş gulatysy) bilen bilelikde 26 görnüş ýa-da 99,1 %-i (32129 sany) eýeledi.