Turkmenportal logo
Düýn 16:24
71217121
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Farap gümrük nokady iň gysga wagtly gümrük amallarynyň alnyp barylýan geçelgesi hökmünde hasaba alyndy

Farap gümrük nokady iň gysga wagtly we netijeli gümrük amallarynyň alnyp barylýan geçelgeleriniň biri hökmünde hasaba alyndy. Munuň subutnamasy hökmünde Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ) tarapyndan geçirilen barlaglaryň netijelerini görkezmek bolar.

Barlaglaryň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çäklerinden harytlaryň eksportynda we üstaşyr geçirilmeginde sarp edilýän wagt we çykdajylar seljerildi. Şol barlaglarda Farap gümrük nokady aýratyn tapawutlanyp, iň gysga wagtly we netijeli gümrük amallarynyň alnyp barylýan geçelgeleriniň biri hökmünde hasaba alyndy. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetinde habar berildi.

Seljermelere görä, 2025-nji ýylyň awgust ― oktýabr aýlarynda Farap, Garabogaz we Daşoguz awtoýollary gümrük nokatlarynda eksport we üstaşyr maksatly ýükleri daşaýan awtoulaglaryň gümrük amallary üçin sarp edilýän wagt ortaça 37 minuta deň boldy.

Bu görkeziji Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda iň gysga wagt hasaplanylýar. Mysal üçin, Gazagystanda bu görkeziji 1 sagat 30 minut, Täjigistanda 1 sagat 40 minut, Gyrgyzystanda 1 sagat 44 minut, Özbegistanda bolsa 1 sagat 10 minutdyr. Şeýle hem gümrük serhetlerinde ulaglaryň nobaty boýunça geçirilen seljermelerde Farap gümrük nokadynda awtoulaglaryň nobata durýan wagty 35 minuda çenli bolup, beýleki ýurtlarda bu görkeziji birnäçe sagada çenli uzalýar.