Turkmenportal logo
Düýn 22:34
27542754
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli täze desgalaryň açylyşy boldy 
Surat: migration.gov.tm

Häzirki günlerde Watan goragçylarynyň güni mynasybetli geçirilýän dabaralar ýokary ruhubelentlige beslenýär. Şanly sene mynasybetli harby we hukuk goraýjy edaralaryna degişli binalardyr ýaşaýyş jaýlary açylyp ulanmaga berilýär.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Kaka serhet birikmesiniň täze, döwrebap serhet galasynyň binalar toplumynyň, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Ahal welaýaty boýunça müdirliginiň Tejen etrap bölüminiň edara binasynyň, Esenguly etrabynda etrap prokuraturasynyň täze edara binasynyň, Balkan welaýatynyň Etrek etrabynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Balkan welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçylary üçin niýetlenen 4 gatly 24 öýli gulluk-ýaşaýyş jaýynyň açylyp ulanmaga berilmegi Watan goragçylarynyň gününiň giňden bellenilýän günlerinde harby gullukçylara we olaryň maşgala agzalaryna mynasyp sowgat boldy.

Açylyp ulanmaga berlen desgalarda işlemek, ýaşamak, harby gullugy alyp barmak üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilipdir.