Russiýanyň paýtagtyndaky Ostankino telediňini buz hem gar basdy, onuň fotosuratyny «Москва с огоньком» Telegram-ýaýlymy çap etdi.
Fotosuratda Ostankinonyň adaty bolmadyk ak reňdedigini görünýär. Häzir Moskwada howanyň derejesi -10,2°, diýmek, diňiň belentliginde howanyň temperaturasy has hem pes bolmaly.
RF-niň Howa maglumaty gullugynyň ylmy ýolbaşçysy Roman Wilfand Moskwadaky −20°C aýazlaryň azyndan geljek hepdäniň ortalaryna çenli saklanjakdygyny duýdurdy.